Ulanyjynyň ady
Parol (Üm, şertli söz)
Salam Guest
Registrirleniň (Bellige duruň)\ Ugurdaky üýtgeşmeler
Şertli sözi unutduňyzmy?

NATO – Ýüpek ýol: taslama, seksiýalar we seminarlar


«Ýüpek Ýoly» (ÝÝ) taslamasy iň häzirki zaman tehnologiýany, telekommunikasiýany we GEANT (ylym-bilim nukdaý nazardan Ýewropanyň 26 sany ýurduny birleşdirýän iň iri we güýçli kompýuter tory) peýdalanmak bilen, ÝÝ ýurtlary üçin wirtual „habar beriş awtostradany“ döredip, Kawkazyň we Orta Aziýanyň sebitlerinde «çalt» internet we global (ägirt) internet toruny ornaşdyrmaklyga meýilleşdirilendir.

Taslamanyň maksady - taslama gatnaşýan her bir ýürtda heläkçiligiň öňüni almak boýunça ýerli Merkezleri döretmek we ilatyň ýokary derejede psihologik hyzmatlardan peýdalan-maklary üçin mümkinçilikleri bermek.

Ýüpek ýoly taslamasynyň wezipesi edil içindäki ýaly, bu sebitlerdäki akademiki we bilim institutlarynyň arasynda hem özara habar alyşmagyň ýollaryny has giňeltmekden ybaratdyr.
Bu ajaýyp taslama ÝÝ ýurtlaryna berlen tehnologiýanyň esasynda bu ýurtlaryň psihologlary üçin düýpli kompýuter toryny toryny döretmäge mümkinçilik berer. Şeýlelik-de, olar internet – portaldan we ýüpek ýoluň telekommunikasion gurluşyndan, şol sanda wideokonferensiýa-lardan, elektron okuwlaryň distansion (aralyk) kursyndan, internet-forumlardan we elektron serişdelerini peýdalanmak boýunça ýörite depginleýin gollanmalardan peýdalanyp bilerler.

Terrorizm özüniň eýmenç howpy bilen, ýer titremeler we beýleki tebigy hem-de antropogen heläkçilikler adamlara-da, şeýle-de, ähli ÝÝ ýurtlarynyň bileleşigine ägirt uly zelel ýetirip biler. Gynansak-da, köplenç ýagdaýlarda terrorçylyk, aýratyn-da, ilaty gorkuzmaklyga we kommunikasion hem habar beriş akymyny yzarlamaklyga gönükdirilendir, şeýle-de dürli tebigy heläkçilikler habar beriş ýollaryna päsgelçilik berýär.

NIÇ/ÝÝ infrastrukturasynda esaslandyrylan bu taslamany durmuşa geçirmegiň netijesinde, ÝÝ ýurtlarynyň kömege mätäç ýägdaýda goldaýýan toparlary heläkçilik bolan ýerlerde öz kärdeşleri üçin ägirt uly kömek we maslahat beriji çeşme bolup bilerler. Şeýlelik-de, «Ýüpek Ýoly » taslamasy adaty kommunikasion serişdelerden mahrum edilen we ýokary derejedäki habar beriş çeşmelerden kesilen sebitler üçin umyt çeşmesi bolup hyzmat eder we heläkçiligiň getiren urgusyna we zyýanly galyndylaryna garşy göreşmäge ýardam berer.

SPT güýçleri bilen işlenip taýýarlanan «BASIC PH» garşylyk görkezijiligiň integratiw modeli (görnüşi) eýýäm 25 ýylyň dowamynda Ysraýylda we bütin dünýäde üstünlikli ulanylýar. Bu model psihoterapewtler tarapyndan dürli howpsuzlyk gurluşynyň işgärleri bilen alnyp barylanda magaryf ulgamynda, saglygy goraýyş we sosial üpjünçilik edaralarynda, hökümet we munisipalitet gurluşlarynda, şeýle hem ýerlerde psihoterapewtleri okatmakda peýdalanylýar. Aýratyn-da, model Turkiýede 1999-njy ýyldaky ýer titremesinden soň, ABŞ-da 2000-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 11-däki teraktdan soň, 2004-nji ýylda Beslandaky (Orsýet) mekdebiň gabawy bilen baglanyşykly elhenç tragediýadan soň, 2004-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlaryndaky sonamy heläkçiliginden soň peýdalanyldy. Çärýek asyr wagtyň dowamynda durmuşyň dürli pudaklarynda bagat gelip biläýjek kynçylykly ýagdaýlara psihologik we sosial taýdan taýýarlykly bolmak isleýän işewür toparlar we guramalary üçin SPT antistres meýilnamalar we maslahatlar görnüşinde hemişe ýardam berýär. Şu günki güne çenli, Ysraýylda we dünýäniň köp ýurtlarynda müňlerçe ýokary derejeli hünärmenler garşylyk görkeziji «BASIC PH» integratiw modeli öwrendiler we şeýle hem ýeke-täklikde bolşy ýaly maşgalada, toparda, ulgamda, guramada we jemgyýetde stresi ýeňmek endiklerini ösdürmek üçin SPT tarapyndan işlenip taýýarlanan başga-da köp sanly tehnikalar bilen tanyşdylar.

Taslamanyň etaplary: №1,3 nokatlar NIÇ zaýawkasyna girizilmedik we aýratyn zaýawka (ASI, ARW/ANW) görnüşinde berilmedik bolsalar-da, olar NIÇ taslamanyň integral bölegi bolup durýandygyny we şol sebäpli aşakdaky meýilnamada görkezilendigini bellemek gerek.


1. Stambulda, aýratyn-da Ýüpek ýoly tasslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň psihologlary üçin üç günlik simenar gurnamaly (simenaryň taslamasy aýratyn berler). Ussahana-seminar oňa gatnaşyjylar tarapyndan kabul edilen ýörite soraglar esasynda düzülen hödürnamalara we isleglere (fidbek) laýyklykda gurnalar.

Soraglar ýygyndysy her bir ýurtda ýüze çykyp biläýjek howplar we heläkçilikler, şeýle hem kyn ýagdaýda amala aşyryp boljak işleriň ugurlary we serişdeleri barada soraglary öz içine alýar. Jogaplar SPT ekspertleri tarapyndan barlanarlar we seminar üçin ýokary derejede meýilnama taýýarlananda möhüm rol oýnarlar

2. Psihologiki meseleler boýunça kitaplaryň, makalalaryň, konferensiýalaryň we s.m. materiallaryny peýdalanyp, mazmuny (iki dilli göwrümde) kesgitlemek we işläp taýýarlamak daşarky maslahatçylaryň we terjimeçileriň hyzmatlaryna ýüzlenmek arkaly ýerine ýetiriler.

3. ÝÝ taslamasynyň gatnaşyjylary we NATO ýurtlarynyň barlagçy-psihologlary, NATO kärdeş-ýurtlary üçin Ysraýylda iki hepdelik (ASI) kursy gurnamaly. Kursda ARW/ANW seminarda ara alnyp maslahatlaşmak üçin işlenip taýýarlanan soňky ylmy-amaly üstünlikler, usullar we materiallar orta atylar.

4. Kursa gatnaşyjylar we MSPT ekspertleri üçin işlenip taýýarlanjak elektron okuwlaryň spesifikasiýasyny iki blokda ýazmak üçin daşarky ekspertleriň hyzmatyndan peýdalanmak bolar. Spesifikasiýa laýyklykda iki blogy işläp taýýarlamaly. Bloklarda şu aşakdaky sosial we psihologik meseleler boýunça ASI kursyň we ARW seminaryň dowamynda işlenen mazmun bellige alnan.
1.Indiwidual we jemgyýetçilik derejelerinde terrorçylykdan üstün çykmak.
2. Heläkçilik howply ýagdaýlary çalt duýmak.
Her bir öwredýän blok belli bir ýurt üçin ýörite işlenip taýýarlanan umumy bölegi we bölümi öz içine alar.
5. Ikinji puntkda berlen materiallaryň esasynda stresiň, heläkçiligiň, teraktyň sosial-psihologik meselelerine bagyşlanan meýilnamany internetde iki dilde işläp taýýarlamaly (ýokary seret).
Elektron okuwy boýunça daşarky ekspertiň kömegi bilen materiallar gerekli dilde goşmaça taýýarlanylar.

6. Ysraýylda psihologlar we sosial işgärler üçin iki dilde (iňlis we rus) gollanmalar taýýarlanylar. Bu bolsa olara psihologik usullary işläp taýýarlamaga, heläkçilik boljak ýagdaýlary çalt öwrenmäge, ilatyň köp bölegini öz içine alýan ýurtlarda MSPT sebitleriniň işgärlerini okatmaga ýardam berer.

Her ýurtda ýerli dillere terjime ediler. MSPT döretmek we dolandyrmak boýunça ýolbaşçylar tarapyndan hödürnamalar kabul ediler.


7. MSPT işgärleri tarapyndan seminara gatnaşyjylar üçin we soňy bilen peýdalanmak üçin SPT bilimi we tejribesi esasynda, agzalan gatnaşyjylaryň talaplaryna laýyklykda heläkçiligiň, stresiň sosial-pshologik nukdaý nazaryndan seminarlar üçin materiallary işläp taýýarlamaly.

Mejlise gatnaşyjylar täze ussullar, makalalar we SPT tejribesi bilen tanşarlar. Gatnaşyjylar tarapyndan orta atylan meselelere hem mejlislerde serediler.

8. Kömek forumy üçin saýlanyp alnan mazmunyň we usullaryň esasynda, tebigy heläkçilikler bolan ýagdaýlarynda gyssagly psihologik, sosial kömek berip biler ýaly, aýratyn iki dilde işläp biljek internet forumy döretmeli. Forumyň portalynda opsiýa-wideokonferensiýalar bar bolup, olar Ýüpek ýoluň telekommunikasion gurluşyna daýanýarlar. Forumyň agzalary SPT ekspertleri bilen bilelikde makalalar we dokladlar bilen tanşyp bilerler we meseleleri ara alyp maslahatlaşyp bilerler.

9. Portalyň mazmunyň, ädimleýin gozegçiligiň, elektron okuwyň bloklarynyň alnyp barlyşy we kämilleşdirilişi - bu endikler ilki bilen seminaryň gatnaşyjylary, soňra bolsa MSPT ähli ştaty üçin zerur. Islegler we teklipler fidbek) yzy giderli ýygnalyp durlar we üýtgeşmeler üçin, internet materiallarynyň hemişe täzelenip durmagy üçin peýdalanylar.

10. Elektron okuwyň we internet portalyň beýleki bölümlerinden peýdalanmagy öwretmek maksady bilen üç günlük trening geçiriler. Okuwyň ahyrky döwründe MSPT işgärleri täze bloklary özbaşdak döredip hem işledip bilerler we e-okuwa täze mazmun goşup bilerler. Treningiň ahyrynda gatnaşyjylar sertiwikat we elektron okuw kursunyň soňky wariantyny alyp bilerler, şeýle hem kursyň materiallaryna özbaşdak täze mazmun berip bilerler.

Gatnaşmagyň sertleri: iş kompýuterlerinde düýpli iş endikleri (tejribesi) bolmaly, ofis ulgamyndan we internetden peýdalanmagy başarmaly, şeýle hem iňlis dilini bilmeli.
Dowamy...

Soňky wakalar

2007-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 2-si
Hanym Silwiýa Rudnik işe başlady, ol taslama gatnaşy-jylara “Ýüpek ýoly “ saýtyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça kömek berer

2007-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 2-si
Saýtda heläkçilikli işleriň dürli görnüşlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ekspertler bilen forumda her aýda duşuşyklary geçirmeklik meýilleşdirilýär.

2007-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 29-y
Kirýat-Şmona, Ysraýyl
Dr. Lýuba Moşinskaýa “Ýüpek ýoly” taslamasynyň web-saýtynyň moderatory bolup bellendi

2007-nji ýylyň Alp Arslan aýy
Žanna Maştakowa Türkmenistanyň Gyzyl ýarym aý milli jemgyýetinde “Adatdan daşary ýagdaýlarda heläkçilik çekenlere ilkinji psihologik kömek” atly trening-seminar geçirdi

2007-nji ýylyň Gorkut aýynyň 8-i
Kirýat-Şmona, Ysraýyl
Terrorçylyk hüjümler ýa-da tebigy heläkçilikler netijesinde zelel çeken aýratyn adamlara we bileleşiklere ( toparlara ) ilkinji täze usullary we amallary kömek bermek, 15 ýurduň wekilleri üçin iki hepdelik seminar geçirmek. Ol 2007-nji ýylyň Nowruz aýynda Stambulda geçirilen seminaryň dowamydyr we NATO-nyň golda-magy esasynda (Ylym - parahatçylygyň haty-rasyna ) “Häzirki zaman barlaglar instituty ”
meýilnamasynyň bir bölegi hökmünde geçirilýär. Has giňişleýin…

2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 23-25-i
Stambul, Türkiýe
Terrorçylygyň pidasy bolan we häzirki zaman barlaglar ussahanasynda heläkçilik çeken adamlara goldaw bermek. Wirtual ýüpek ýoly (SILK hökmünde tanalýar) ýurtlary üçin internet portaly we heläkçiligiň öňüni alyş sebit merkezleriniň toruny ösdürmäge niýelenen iki ýyllyk taslamada bu master-klass ilkinji ädim boldy. Mundan psihologlar we beýleki hünärmenler peýdalanyp bilerler. Olaryň wezipesi terrorçylygyň pidasy bolan we heläkçilik çeken adamlara kömek we goldaw bermekden ybaratdyr. Has giňişleýin…
Dowamy...

Quick Link

Quick Link

2007-nji ýylyň Gorkut aýynyň 8-i
Häzirki zaman barlaglar instituty (HZBJ),
Kirýat-Şmona, Ysraýyl.
“Terrorçylyk hüjümler ýa-da tebigy heläkçilikler netijesinde zelel çeken aýratyn adamlarda we bileleşiklere (toparlara ) ilkinji täze usullary we amallary kömek bermek”. !5 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda iki hepdelik seminar geçirmek.

2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 23-25-i
Häzirki zaman barlaglar seksiýasy (HZBS), Stambul, Türkiýe.Terrorçylygyň pidasy bolan we heläkçilik çeken adamlara goldaw bermek.

2008 semınar prodolzaet rabotat...
Ählisi >>
Kabul ediň: Download Skype
Ähli hukuklar saklanýär © ICSPC NATO 2007
Resmileşdirmek: Studio Amodu    |    Işläp taýýarlamak: ITdesigns
Get Adobe Reader